Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:28 - Mukaddes Kitap

28 Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

28 Муса шейле дийди: «Бу ишлериң әхлисини этмегим үчин мени Реббиң иберенини, мениң өзбашдак херекет этмейәндигими сиз шу затлардан билерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:28
17 Iomraidhean Croise  

Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.


Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.


«Eger faraon size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa, sen Haruna: „Hasaňy al-da, faraonyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Ýöne sen, eý, ynsan ogly, öz-özlerinden pygamberlik edýän halkyň gyzlaryna tarap ýüzüňi öwür-de, olara garşy pygamberlik et.


Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


«Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň.


„Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?


Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi.


Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, görkezen gudratlarym üçin iman ediň.


Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.


Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär.


Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim.


Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan