Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:26 - Mukaddes Kitap

26 Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Онсоң Муса халка йүзленип: «Ол азгынларың чадырларының голайына бармаң ве оларың хич бир задыны-да эллемәң, ёгсам оларың гүнәлери зерарлы сизем ёк боларсыңыз» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:26
13 Iomraidhean Croise  

Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler.


Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň.


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Rebbe aýry goýlandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan