Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Эмма Муса билен Харун йүзин йыкылып: «Эй, Худай, әхли адамзадың гөзбашы болан Худай, бир адам гүнә этди дийип, бүтин җемагата газапланярмың?» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:22
24 Iomraidhean Croise  

Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.


Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi.


Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.


Her bir jandaryň jany, bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.


ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


«Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy?


Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi.


Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler.


Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar.


Musa muny eşidip, ýüzin ýykyldy.


«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.


«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.


Şeýlelikde, bir adamyň günäsi zerarly hemmeleriň höküme duçar bolşy ýaly, bir Adamyň dogrulygy arkaly-da hemmelere ýaşaýyş berýän aklanma geldi.


Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr.


Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?


Siz bolsa bu gün Rebden boýun towladyňyz! Eger siz bu gün Rebbe baş göterseňiz, ertir Ol tutuş ysraýyl jemagatyna göz görkezer.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan