Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:21 - Mukaddes Kitap

21 «Siz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 «Сиз бу җемагатдан бир гыра чекилиң, Мен булары бир демде ёк эдейин!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:21
19 Iomraidhean Croise  

Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi».


Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.


Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme.


Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi.


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr, barysy batyr söweşijilerdir.


Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin».


Indem Sen, bu halkyň baryny birden gyrgyna berseň, onda Seniň şöhratyňy eşiden milletler:


Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.


Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».


Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan