Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:19 - Mukaddes Kitap

19 Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Соңра Кора Муса билен Харуның гаршысына чыкмак үчин, бүтин җемагаты Реббе йүз тутулян чадырың гирелгесине йыгнады, шонда бүтин җемагата Реббиң шөхраты гөрүнди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:19
12 Iomraidhean Croise  

Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.


Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.


Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra girdiler, soňra daşary çykyp, halka ak pata berdiler. Şol wagt Rebbiň şöhraty bütin halka göründi.


Musa olara: «Rebbiň şöhratynyň size görneri ýaly, Rebbiň size beren tabşyrygy şudur» diýdi.


Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.


Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy. Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.


Şeýdip, her kim öz tütetgi gabynda ot ýakyp, üstüne-de ýakymly ysly tütetgi goýup, Musa we Harun bilen bile Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durdular.


Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi.


Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.


Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan