Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:18 - Mukaddes Kitap

18 Şeýdip, her kim öz tütetgi gabynda ot ýakyp, üstüne-de ýakymly ysly tütetgi goýup, Musa we Harun bilen bile Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durdular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Шейдип, хер ким өз түтетги габында от якып, үстүне-де якымлы ыслы түтетги гоюп, Муса ве Харун билен биле Реббе йүз тутулян чадырың гирелгесинде дурдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:18
7 Iomraidhean Croise  

Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin.


Ýakymly ysly tütetginiň tüssesi Äht sandygynyň gapagynyň üstüni bürär ýaly, Harun ýakymly ysly tütetgini Rebbiň huzurynda oda atsyn, ýogsam ol öler.


Her biriňiz öz tütetgi gaplaryňyza ýakymly ysly tütetgi salyň, iki ýüz elli kişiniň her biri öz tütetgi gabyny göterip, Rebbiň huzuryna gelsin. Harun ikiňizem tütetgi gaplaryňyzy getiriň».


Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.


«Ruhany Harunyň ogly Elgazara aýt, maňňallaryň mukaddesdigi üçin olary oduň içinden çykarsyn we olaryň içindäki közleri çetde giň edip pytradyp taşlasyn.


Harun ölüler bilen dirileriň arasynda duransoň, gyrgynçylyk togtady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan