Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:15 - Mukaddes Kitap

15 Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Мусаның муңа гаты гахары гелип, Реббе: «Оларың садакаларыны кабул этме, мен оларың хич бириниң гөвнүне дегмәндим, хатда олардан екеҗе эшек-де алмандым» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:15
18 Iomraidhean Croise  

Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.


Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.


Musa Kora ýüzlenip şeýle diýdi: «Ähli ýoldaşlaryň ertir Rebbiň huzuryna gelsin, Harun ikiňizem şol ýere geliň.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr!


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kime haksyzlyk etmedik, hiç kimi azdyrmadyk, öz bähbidimiz üçin hiç kimi işletmedik.


Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.


Siz imanlylar babatda biziň ahlak taýdan päk, dogruçyl we hiç bir aýypsyz bolandygymyza özüňiz şaýatsyňyz. Muňa Hudaý-da şaýatdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan