Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:14 - Mukaddes Kitap

14 Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Бизи сүйт ве бал акян юрда гетирмедигиң-ә белли, я болмаса бизе мейданлары, үзүмчиликлери мүлк эдип бермедиң. Бу адамларың нәме гөзүни чыкарҗакмы? Биз барҗак дәл».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:14
12 Iomraidhean Croise  

Eger bir adamyň maly öz meýdanynda ýa-da üzüm bagynda otlap ýörkä azaşyp, başga biriniň meýdanyndaky zatlaryny iýse, ol oňa ýeten zeleliň öwezini öz meýdanynyň we üzüm bagynyň iň gowy hasyly bilen doldurmaly.


«Alty ýyl topragyňyza ekin ekip, onuň hasylyny ýygyň.


Emma ýedinji ýyl topraga dynç beriň, ony şüdügär edip goýuň. Şonda ondan halkyňyzyň arasyndaky garyplar iýsin, ondan galanlaryny bolsa ýyrtyjy haýwanlar iýsin. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.


Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer.


Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!»


Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler.


Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi oýup, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan