Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:13 - Mukaddes Kitap

13 Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Бизи чөлде өлдүрмек үчин, сүйт ве бал акян Мүсүр топрагындан чыкарып, шу ере гетирениңи аз гөрйәрмиң? Ене-де үстүмизден хөкүм хем сүрҗек болярмың?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:13
19 Iomraidhean Croise  

Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.


Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.


Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».


Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»


Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi.


Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.


Ýaşyl ýaýlada otlaýarsyňyz, şonda-da örüleriňiziň artyp galanyny aýaklaryňyz bilen basalaýarsyňyz. Dury suwdan gansaňyz-da, galanyny aýagyňyz bilen bulaýarsyňyz.


eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».


Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk.


Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la.


Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?»


Musa Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramy çagyrmaga adam ugratdy. Ýöne olar şeýle jogap berdiler: «Biz barjak däl!


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan