Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:11 - Mukaddes Kitap

11 Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Сен әхли ёлдашларың билен биле Харуна гаршы болдуң, хакыкатда болса бу сизиң Реббе гаршы болдугыңыздыр».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:11
15 Iomraidhean Croise  

Şular Kora hem-de Merary kowumlaryndan bolan derwezeban bölümleridi.


Çünki Ol bürünç derwezeleri çym-pytrak etdi, demir söýeleri ikä bölüp taşlady.


Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Musa Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramy çagyrmaga adam ugratdy. Ýöne olar şeýle jogap berdiler: «Biz barjak däl!


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».


Şoňa görä, häkimiýete garşy çykýan her kes Hudaýa garşy çykyp, jeza duçar bolar.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan