Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:9 - Mukaddes Kitap

9 onda öküz bilen birlikde iki küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hödür ediň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 онда өкүз билен бирликде ики күйзе зейтун ягына югрулан, бир батманың ондан үч мөчбериндәки сайлама бугдай унундан галла садакасыны хөдүр эдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:9
18 Iomraidhean Croise  

Ornan Dawuda şeýle diýdi: «Alaý! Ýakma gurbanlygy üçin öküzleri, odun üçin döwek döwýän gurallary, galla sadakasy üçin bugdaýy – şularyň hemmesini men saňa berýärin».


Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


Baýramlarda we dabaralarda öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý berilsin, guzular bilen berilmeli galla sadakasy öz göwün isleglerine görä hödür edilsin we her batman üçin dört küýze ýag berilsin.


Gündelik ýakma gurbanlygy hökmünde her gün ertirine tokly, galla sadakasy we ýag hödürlensin».


Ol goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag berer.


Öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag bersin.


Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler.


Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr.


Içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby hödür ediň. Ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz,


Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler.


Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur.


Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.


Çagany süýtden aýrandan soň, üçýaşar öküz bir batman un we bir tulum şerap bilen bilelikde Hanna ony Şilo galasyna Rebbiň öýüne getirdi; çaga entek ýaşdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan