Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:8 - Mukaddes Kitap

8 Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Реббе якма гурбанлык я башга гурбанлык, айдылан садака я-да саламатлык гурбанлыгы хөкмүнде өкүз хөдүр этсеңиз,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:8
10 Iomraidhean Croise  

Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun.


Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.


Rebbe ýakymly ysly içgi sadakasy hökmünde bir ýarym küýze şeraby hödür ediň.


onda öküz bilen birlikde iki küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hödür ediň.


Soňra olar bir öküzçe bilen galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý ununy alsynlar. Sen hem günä gurbanlygy üçin bir öküzçe al.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan