Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:5 - Mukaddes Kitap

5 Mundan başga-da, siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Мундан башга-да, сиз якма гурбанлык я-да башга гурбанлык билен билеликде хер бир токлының яны билен ичги садакасы хөкмүнде бир күйзе шерабы хөдүрләң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:5
18 Iomraidhean Croise  

Köp sanly ýakma gurbanlyklaryndan daşary-da, salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagy we ýakma gurbanlyklary bilen berilýän içgi sadakalary bardy. Şeýdip, Rebbiň öýüniň hyzmaty dikeldildi.


Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin.


Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň.


Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýze şerap beriň.


Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi – parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.


Eger siz goýun gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, onda ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.


Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar.


Her bir öküzi, goçy, erkek toklyny ýa-da owlagy sadaka bereniňizde şeýle ediň.


Goçuň ýany bilen bir ýarym küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny beriň.


Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur.


Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Çünki meniň ganym Hudaýa hödür edilýän içgi sadakasy kimin döküljek bolup dur. Bu dünýäden ötmeli pursadym ýetdi.


Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan