Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:4 - Mukaddes Kitap

4 Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Шу хили садаканы берен адам онуң яны билен бир күйзе зейтун ягына югрулан, бир батманың ондан бири мөчбериндәки сайлама бугдай унундан галла садакасыны хем берсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:4
21 Iomraidhean Croise  

Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin.


Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


Şeýle hem onuň bilen her gün ertirine batmanyň altydan biri möçberinde saýlama un bilen, ony garmak üçin bir ýarym küýze ýag bilen galla sadakasyny hödür ediň. Bu ebedi düzgünler boýunça Rebbe hemişelik galla sadakasydyr.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.


Oňa zeýtun ýagyny goşup, ýakymly ysly tütetgini-de onuň üstüne goýuň. Bu galla sadakasydyr.


Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýze şerap beriň.


Eger siz goýun gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, onda ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.


Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler.


Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler.


Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.


Zeýtun olara: „Men hudaýlara we adamlara berýän hezzetli ýagymy taşlap, başga agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan