Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:39 - Mukaddes Kitap

39 Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

39 Хер гезек готазҗыклара гөзүңиз дүшенде, сиз Реббиң әхли табшырыкларыны яда саларсыңыз ве олары берҗай эдерсиңиз, йүрегиңизиң ве гөзлериңизиң ислегине ковалашмарсыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:39
21 Iomraidhean Croise  

Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi.


Aýagym ýoldan çykan bolsa, ýüregim gözüme eýeren bolsa, ellerime gara ýokduran bolsam,


Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.


Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler».


Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.


«Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn.


Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)


Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň.


gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.


Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň.


gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan