Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:35 - Mukaddes Kitap

35 Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

35 Онсоң Реб Муса: «Ол адам өлүме хөкүм эдилсин. Оны Ысрайыл дүшелгесиниң дашына чыкарып, бүтин җемагат дашлап өлдүрсин» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:35
11 Iomraidhean Croise  

Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden kimdir biri öz perzentlerinden birini, Molek buta bagyş etse, ol adam öldürilsin. Ýurduň halky ony daşlap öldürsin.


Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“».


Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi.


Düşelgäniň daşyna çykaryp, edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bütin halk ony daşlap öldürdi.


Olar aýaga galyp, Isany şäherden kowdular. Nasyra şäheri depede ýerleşýärdi. Olar Ony şol depäniň çür başyna çykaryp, aşak taşlajak boldular.


Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular.


Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan