Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:31 - Mukaddes Kitap

31 Rebbiň sözüni äsgermän, Onuň tabşyrygyny bozandygy üçin, beýle adam bütinleý kowlup çykarylsyn, öz jezasyny çeksin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

31 Реббиң сөзүни әсгермән, Онуң табшырыгыны бозандыгы үчин, бейле адам бүтинлей ковлуп чыкарылсын, өз җезасыны чексин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:31
19 Iomraidhean Croise  

Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermediň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň.


Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?


Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:


Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».


Öwüdi äsgermeýän özüni heläk edýär, buýrugy saklaýan bolsa sylag-serpaý alýar.


Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär: «Bu sözi ret edip, zulum hem hilegärlige bil baglap, olara daýanýandygyňyz üçin,


Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.


Çünki ýer halk tarapyndan terk edilip, ol haraba bolup ýatyr. Halk Meniň hökümlerimi ret edip, parzlarymdan ýüz öwrendigi üçin, öz duşmanynyň ýurdunda öz etmişiniň jezasyny çeksin.


Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir.


Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.


Kimde-kim Hudaýyňyz Rebbiň Özüne hyzmat etmek üçin bellän ruhanysyna ýa-da kazysyna tekepbirlik edip boýun egmese, ol adam ölüme höküm edilsin. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Dogrulyk ýoluny bilenden soň, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrugy inkär edeninden bu ýoly asla bilmezlik olar üçin has gowy bolardy.


Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan