Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:30 - Mukaddes Kitap

30 Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Эмма аслы ысрайыл болан бири я-да гелмишеклерден бири текепбирлик билен гүнә иш эдип, Реббе дил етирсе, халкың арасындан ковлуп чыкарылсын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:30
30 Iomraidhean Croise  

Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».


Erbetler nurdan mahrum edilýär, ýokary galdyrylan gol döwülýär.


Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny.


Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň.


Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».


Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr, mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.


Munuň üçin, eý, ynsan ogly, ysraýyl halky bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ata-babalaryňyz dönüklik etmek bilen birlikde Maňa dil-de ýetirdiler.


Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin.


Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi.


Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin.


Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun.


Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.


Men muny size ýetirdim, emma siz gulak asmadyňyz. Siz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterip, men-menlik bilen daglyga gitdiňiz.


Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.


Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, goý, onuň üçin Hudaýa ýalbarsyn. Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän günä-de bardyr. Beýle günä edýän adam üçin Hudaýa ýalbaryň diýmeýärin.


Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.


Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan