Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:3 - Mukaddes Kitap

3 gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 гара малы я гоюн-гечини Реббе от үсти билен хөдүр эдип, ондан айдылан я-да мейлетин садака хөкмүнде берениңизде ве беллемели байрамларыңызда эдилиши ялы, якма гурбанлык я-да башга гурбанлык берениңизде, оларың якымлы ысы Реббе хош якяр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:3
27 Iomraidhean Croise  

Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin.


Gorky bilen galpyldy üstüme indi, meni aýylganç gorky gaplady.


Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner.


Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin.


Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Bir sebet petiri, saýlama bugdaý unundan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Çünki biz gutulyş ýolundan barýanlaryň-da, heläkçilik ýolundan barýanlaryň-da arasynda Hudaý üçin Mesihiň müşki-anbarydyrys.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz.


we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan