Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:29 - Mukaddes Kitap

29 Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Төтәнликде гүнә эдип, араңызда яшаян аслы ысрайыл болан үчин хем, гелмишек үчин хем бир канун болсун.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:29
12 Iomraidhean Croise  

Halkyň Ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse,


Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr».


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Eý, jemagat, siziň üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçinem düzgün birdir. Bu siziň geljekki nesilleriňize-de ebedilik düzgün bolsun. Rebbiň öňünde siz hem, gelmişek hem deňdir.


Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler.


Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».


Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».


Ähli ysraýyllar, onuň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary we olaryň arasyndaky gelmişekler Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylarynyň garşysynda, olaryň hem aňry gapdalyndan, hem bäri gapdalyndan iki topar bolup durdular. Rebbiň guly Musanyň: «Hudaýyň ak patasyny almaly pursadyňyz gelende, şeýle duruň» diýip buýruşy ýaly edip, olaryň ýarysy Gerizim dagynyň öňünde, beýleki ýarysy bolsa Eýbal dagynyň öňünde durdular.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan