Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:27 - Mukaddes Kitap

27 Eger bir kişi tötänlikden günä etse, goý, ol günä gurbanlygy üçin birýaşar urkaçy çebşi hödür etsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Эгер бир киши төтәнликден гүнә этсе, гой, ол гүнә гурбанлыгы үчин биряшар уркачы чебши хөдүр этсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:27
7 Iomraidhean Croise  

«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan