Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:24 - Mukaddes Kitap

24 we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 ве бу сәвлиги халк төтәнликде гойберен болса, онда бүтин халк бир өкүзчәни Реббе якымлы ыслы якма гурбанлыгы хөкмүнде хөдүр этсин. Онуң яны билен дүзгүне гөрә галла ве ичги садакасыны берсинлер хем-де бир текәни гүнә гурбанлыгы хөкмүнде хөдүр этсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:24
14 Iomraidhean Croise  

Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler.


Onsoň ýesirlikden, sürgünden gaýdyp gelenler Ysraýyl Hudaýyna ýakma gurbanlyklar berdiler. Bütin Ysraýyl üçin on iki öküz, togsan alty goç, ýetmiş ýedi guzy, günä gurbanlygy üçin hem on iki erkeç berdiler. Bularyň hemmesi Rebbe ýakma gurbanlyk üçindi.


Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.


«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.


Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Bütin ysraýyl halkynyň hem, olaryň arasyndaky gelmişekleriň hem günäsi geçiler, çünki halk tötänlikden günä gazandy.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan