Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 15:22 - Mukaddes Kitap

22-23 Eger siz tötänlikde ýalňyşyp, Rebbiň Musa aýdan bu buýruklaryny – Rebbiň Musa arkaly size buýran ähli tabşyryklaryny Rebbiň buýran gününden başlap, tä soňky nesilleriňize çenli berjaý etmeseňiz

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22-23 Эгер сиз төтәнликде ялңышып, Реббиң Муса айдан бу буйрукларыны – Реббиң Муса аркалы сизе буйран әхли табшырыкларыны Реббиң буйран гүнүнден башлап, тә соңкы несиллериңизе ченли берҗай этмесеңиз

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 15:22
10 Iomraidhean Croise  

«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.


Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin.


Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».


Ilkinji hamyrdan Rebbe berýän bu sadakaňyz nesiller boýy dowam etsin.


Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan