Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.
Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun.
Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.
Hudaýyňyza bu sadakany hödür edýän günüňize çenli çörek, gowrulan bugdaý ýa-da täze bugdaý dänesini iýmäň. Bu siziň nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.
Eger siz tötänlikde ýalňyşyp, Rebbiň Musa aýdan bu buýruklaryny – Rebbiň Musa arkaly size buýran ähli tabşyryklaryny Rebbiň buýran gününden başlap, tä soňky nesilleriňize çenli berjaý etmeseňiz
«Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.