Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun.
Sebäbi Hudaýa hödür edilen çörek mukaddes bolsa, şol hamyrdan bişirilen beýleki çörekler hem mukaddesdir; eger bagyň köki mukaddes bolsa, onuň şahalary hem mukaddesdir.