Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:8 - Mukaddes Kitap

8 Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эгер Реб бизден разы болса, бизи ол юрда алып барып, сүйт ве бал акян юрды бизе берер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:8
15 Iomraidhean Croise  

Meni giň ýere çykardy hem halas etdi, çünki Ol menden göwnühoş boldy.


Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik, zeýtun ýagy we bal mekanydyr. Şeýdip, siz ölmän, aman galarsyňyz. Hizkiýanyň: ‘Reb bizi halas eder’ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Men olara ýagşylyk etmekden şatlanaryn we hakykatdan hem tutuş janym-tenim bilen olary bu ýurtda ornaşdyraryn“.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.


Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.


Şoňa görä-de, Rebbiň şol günki aýdan bu daglyklaryny maňa ber. Ol ýerde anaklaryň ýaşaýandygyny, galalarynyň uludygyny we olaryň berk saklanýandygyny şol gün özüň hem eşidipdiň. Rebbiň aýdyşy ýaly, men olary kowup çykararyn, Reb meniň bilen bile bolar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan