Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Юрды сынламага гиденлериң арасында болан Нунуң оглы Ешува билен Епуннәниң оглы Калеп гынанчдан яңа якаларыны йыртып,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:6
22 Iomraidhean Croise  

Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.


Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.


Muňa olar dady-perýat etdiler. Soňra olaryň hersi goşlaryny eşeklerine ýükläp, yzlaryna gala dolandylar.


Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.


Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».


şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat;


ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal;


Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler.


hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.


Olardan diňe Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep diri galdy.


Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar.


bütin ysraýyl halkyna şeýle diýdiler: «Synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz juda gowy ýurt eken.


Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn.


Baş ruhany şonda ýakasyny ýyrtyp: «Bize başga şaýatlyk nämä gerek?


Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen:


Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan