Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:45 - Mukaddes Kitap

45 Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

45 Онсоң шол даглыкда яшаян амалеклер билен кенганлар ашак индилер ве Хорма галасына ченли оларың ызындан ковуп, олары күл-пеекун этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:45
14 Iomraidhean Croise  

Ol: «Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer» diýdi.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz».


Reb Musa şeýle diýdi:


Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi we kenganlary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma diýen at galdy.


Ol daglykda ýaşaýan amorlar garşyňyza çykyp, Segirden Horma çenli sizi arylar deý kowalap ýençdiler.


Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?


Aýyň halky olaryň otuz altysyny öldürdi we beýlekilerini bolsa derwezäniň agzyndan tä daş goparylýan ýere çenli kowalap, dagyň eteginde gyrdylar. Şonuň üçin tutuş halkyň susty basyldy we dowla düşüp, ýüregi ýarylara geldi.


Soňra ýahudalar şimgonlar bilen bilelikde, Sepat galasynda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, olary ýeňdiler. Olar galany Rebbe bagyş edip, bütinleý ýok etdiler we onuň adyna Horma dakdylar.


Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.


Hormadaky, Borgaşandaky, Atakdaky,


Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan