Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:43 - Mukaddes Kitap

43 Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

43 Өңүңизде амалеклер билен кенганлар бардыр ве сиз гылычдан гечирилерсиңиз. Чүнки сиз Реббиң ызына эермекден боюн товладыңыз, Реб сизиң билен болмаз».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:43
14 Iomraidhean Croise  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Şa gyzlary bardyr hormatly zenanlaryňyň içinde, opyr tyllasyna beslenen şa gyzy dur seniň sagyňda.


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň».


Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň!


Emma olar men-menlik edip, daglyga dyrmaşyp çykdylar. Ýöne olaryň ýanynda Rebbiň Äht sandygy-da, Musa-da ýokdy, olar düşelgedediler.


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:


Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl.


Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan