Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:42 - Mukaddes Kitap

42 Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

42 Сөвеше чыкмаң, чүнки Реб сизиң араңызда дәл. Душманларыңыза өзүңизи пайхынлатмаң!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:42
9 Iomraidhean Croise  

Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz».


Reb maňa: „Olara aýt: gitmesinler, uruşmasynlar, çünki Men olaryň arasynda bolmaryn. Şonuň üçin hem olar duşmanlaryndan ýeňlerler“ diýdi.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl.


Eý, Taňrym, ysraýyllar duşmanlaryndan ýeňse berip gaçanlaryndan soň, indi men näme aýdaýyn?


Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan