Bilşiňiz ýaly, biraz wagtdan soňra Ysaw atasynyň patasyny almak isledi, emma ret edildi. Munuň üçin gözýaş döküp ýalbarsa-da, edilen karary üýtgedip bilmedi.
Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl.