Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:34 - Mukaddes Kitap

34 Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Сизе ол юрды гөзден гечирмәге кырк гүн герек болан болса, кырк гүнүң хер гүни үчин бир йыл, җеми кырк йыллап этмишлериңиз үчин җеза чекерсиңиз. Сизден йүз өвренимде, Мениң нәхили боляндыгымы сиз шондан билерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:34
26 Iomraidhean Croise  

«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.


Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi.


Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:


Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb – Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».


Olar öz etmişleriniň jezasyny çekerler. Pygamber-de, ondan maslahat soran-da bir meňzeş jezalandyrylar.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».


Men olaryň ýazyklarynyň her ýylyny bir gün hasabyna öwrüp, seniň üstüňe ýükledim. Bu üç ýüz togsan gündür. Şeýlelikde, ysraýyl halkynyň ýazygyny sen çekersiň.


Bulary gutaranyňdan soň, ikinji gezek gyşar, ýöne bu gezek sag gapdalyňa gyşar. Şeýdip, ýahuda halkynyň ýazygyny çekersiň. Men muny her ýyly bir gün hasabyna öwrüp, jemi kyrk güni seniň üstüňe ýükledim.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir.


Ähli halklar bilen eden ähtimi bozmak üçin «Merhemet» diýip atlandyran taýagymy aldym-da, ony döwdüm.


Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol deresi diýen at galdy.


Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz.


Onsoň Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahary geldi we Ol Öz nazarynda pislik eden nesil ölüp gutarýança, olary kyrk ýyllap çölde entetdi.


Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady.


Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.


Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.


Şeýlelikde, Öz söz berşi ýaly, Reb meni diri galdyrdy, Rebbiň Musa söz beren döwründen bäri eýýäm kyrk bäş ýyl geçipdir. Şol döwür içinde ysraýyllar çölde sergezdan gezipdiler. Ine, indi men segsen bäş ýaşadym.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan