Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:33 - Mukaddes Kitap

33 Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

33 Сизиң чагаларыңыз хем кырк йыллап чөлде гөчүп-гонуп гезерлер ве сизиң бивепадыгыңыз үчин җебир чекерлер. Бу сизиң хеммәңиз өлүп гутарянчаңыз довам эдер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:33
20 Iomraidhean Croise  

Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».


«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.


Onsoň Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahary geldi we Ol Öz nazarynda pislik eden nesil ölüp gutarýança, olary kyrk ýyllap çölde entetdi.


Ruhany Harun Rebbiň buýrugy bilen Hor dagyna çykdy. Ol şol ýerde ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky kyrkynjy ýylynyň bäşinji aýynyň birinji güni amanadyny tabşyrdy.


Äri ýazykly bolmaz, emma aýaly welin eden günäsi üçin jezasyny çeksin».


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi.


Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.


Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.


Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady.


Şeýlelikde, Öz söz berşi ýaly, Reb meni diri galdyrdy, Rebbiň Musa söz beren döwründen bäri eýýäm kyrk bäş ýyl geçipdir. Şol döwür içinde ysraýyllar çölde sergezdan gezipdiler. Ine, indi men segsen bäş ýaşadym.


Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan