Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:3 - Mukaddes Kitap

3 Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Нәме себәпден Реб бизи гылычдан гечиртмек үчин, аялларымыз билен чагаларымызы есир этмек үчин бу юрда алып барярка? Мүсүре долансак, гайтам, бизиң үчин говы болмазмы?»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:3
14 Iomraidhean Croise  

Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».


Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.


„Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,


Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».


Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?


Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy!


Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.


Emma biziň ata-babalarymyz oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüp, ony ret etdiler we Müsüre dolanmaga maýyl boldular.


Onsoň Reb tutuş halka: „Uruşda ýesir düşer öýden perzentleriňiz, ýagny bu günki gün ýagşyny-ýamany saýgarmaýan çagalaryňyz ol ýere bararlar. Men bu ýurdy olara berjek, olar muny mülk edinerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan