Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:28 - Mukaddes Kitap

28 Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

28 Олара айт, Өз барлыгымдан ант ичип айдярын, Мен сизиң налап айдан затларыңызың барыны өз башыңыза гетирерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:28
18 Iomraidhean Croise  

Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler, olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler.


Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi, gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.


Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.


Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin:


atalaryna wada beren ýurduma girmez. Meni äsgermedikleriň ýekejesi-de bu ýurdy görmez.


Musa bu sözleri bütin ysraýyllara ýetirende, halk uly gaýga batdy.


„Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar.


«Siziň sözleriňizi eşidip, Rebbiň gaty gahary geldi we ant içip:


„Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi.


Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.


Hawa, tä Ysraýyl düşelgesindäki urşujylaryň ählisi ölüp gutarýança, hut Rebbiň Özi olara garşy boldy.


Elimi göge galdyryp, ant içýärin: Men ebedi diri!


Hudaý kyrk ýyllap kime gazaplandy? Günä edenlere dälmi näme? Olaryň jesetleri çölde serildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan