Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:22 - Mukaddes Kitap

22 Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Мениң шөхратымы, Мүсүрде ве чөлде гөркезен аламатларымы гөрен, шонда-да Мени он гезек сынап, Мениң сөзүме боюн болмадыкларың хич бири

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:22
31 Iomraidhean Croise  

Öýüňde ýaşan ýigrimi ýylym, ine, şeýle geçdi. Iki gyzyň üçin on dört ýyl, dowarlaryň üçin alty ýyl hyzmatyňy etdim. Emma sen meniň zähmet hakymy on gezek üýtgetdiň.


Kakaňyz bolsa meni aldap, zähmet hakymy on gezek üýtgetdi, ýöne Hudaý oňa maňa zelel ýetirmäge ýol bermedi.


On mertebe göwnüme degdiňiz, utanaňzokmy şeýle ezýet bermäge?


Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy, olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.


Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi, gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.


Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy?


Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler.


Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady.


Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi.


Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»


Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy.


Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.


Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.


Ol köp zatlary görýär, emma üns bermeýär, gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär.


Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.


Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar».


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk.


Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.)


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Meniň wada beren ýurduma diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa baryp biler, çünki olar Maňa bütin kalby bilen ynandylar“.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.


Emma şonda-da olaryň köpüsi Hudaýy närazy etdiler. Şonuň üçin-de olaryň läşleri çölde serlip galdy.


Olaryň käbirleri ýaly Mesihi synamalyň: olar ýylanlardan heläk boldular.


Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz.


Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de, ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler. Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim: „Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan