Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:21 - Mukaddes Kitap

21 Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Йөне Мен барлыгымдан ве бүтин дүнйәни долдуран шөхратымдан касам эдйәрин:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:21
16 Iomraidhean Croise  

Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler. Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


Öz barlygymdan ant içýärin, siz bu nakyly Ysraýylda gaýdyp ulanmarsyňyz. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin.


Müsür çölünde ata-babalaryňyza nähili höküm çykaran bolsam, size hem şeýle höküm çykararyn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri ýyrtyjy haýwanlara şam ederin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.


Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».


Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin.


Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!


Elimi göge galdyryp, ant içýärin: Men ebedi diri!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan