Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:2 - Mukaddes Kitap

2 Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Бүтин ысрайыл халкы Муса билен Харундан зейренишип, шейле дийди: «Биз Мүсүр юрдунда я-да бу чөллүкде өлен болсак, мундан говы боларды!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:2
31 Iomraidhean Croise  

Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?


Rebbiň işlerini, çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:


Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.


Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy?


Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler.


Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»


Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».


Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».


Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la.


Onsoň bütin halk gaty ses bilen perýat edip, şol gijäni aglap geçirdi.


Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri


Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?


Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler.


Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany – jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady.


Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.


Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy!


Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi?


Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Siz çadyrlaryňyzda hüňürdeşip şeýle diýdiňiz: „Reb bizi ýigrenýär, Ol bizi amorlaryň eline berip ýok etmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir.


Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz.


Onuň sesini eşidibem pitne turzanlar kimlerdi? Eýsem bular Musanyň Müsürden çykaranlary dälmidi?


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan