Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:19 - Mukaddes Kitap

19 Müsürden çykalymyz bäri, bularyň günälerini bagyşlap gelşiň ýaly, halkyň bu etmişini-de Öz beýik sadyk söýgiňiň hatyrasyna bagyşla».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Мүсүрден чыкалымыз бәри, буларың гүнәлерини багышлап гелшиң ялы, халкың бу этмишини-де Өз бейик садык сөйгиңиң хатырасына багышла».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:19
23 Iomraidhean Croise  

şonda Sen gökde eşit-de, halkyň Ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, atalaryna beren ýurduňa getir.


Janymy gora, men Saňa sadyk, Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle; meniň Hudaýym Sensiň.


Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.


Reb Musa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi.


Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


Onsoň men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, saklan! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.


Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.


Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan