Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:18 - Mukaddes Kitap

18 Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Сен: „Мен-Реб – гиң гөвүнли, садык сөйгә бай. Этмиши ве языгы багышлаярын. Йөне гүнәлини җезасыз хем гоймаярын. Аталарының этмишиниң җезасыны чагаларына, оларың үчүнҗи ве дөрдүнҗи аркасына чекдирйәрин“ дийипдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:18
26 Iomraidhean Croise  

Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz. Goý, atalaryň muny bileri ýaly, Hudaý olara almytyny bersin.


Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.


Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.


Reb körleriň gözüni açýar, Reb bükülenleri dikeldýär, Reb dogry ynsanlary söýýär.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.


Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.


Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Şonuň üçin hem, goý, indi Öz söz berip, şu aýdyşyň ýaly, Sen Rebbiň güýji beýik bolsun!


Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.


Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.


Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Emma Ol Özüni ýigrenýänleriň ýigrençlerini öz başlaryndan inderip, olary şobada ýok edýär.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan