Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 14:12 - Mukaddes Kitap

12 Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Мен булары гыргына берерин ве мирасдан махрум эдерин. Сенден булара гөрә хас бейик ве хас гүйчли бир миллет дөредерин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 14:12
9 Iomraidhean Croise  

Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi.


Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.


Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.


Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


Emma gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi.


Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan