Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 13:33 - Mukaddes Kitap

33 Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

33 Шейлеликде, олар гөрүп гелен юрды хакында ысрайыллара якымсыз затлар айдып, шейле дийдилер: «Бизиң сынламак үчин ичинден гечен юрдумыз өз илатыны өзи ийип йөрен юрт экен. Ол ерде яшаян адамларың хеммеси гаты ири адамлар экен.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 13:33
17 Iomraidhean Croise  

Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýamdan bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.


Ol boýy bäş tirsek bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi.


Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.


Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler.


Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden.


Onsoň bütin halk gaty ses bilen perýat edip, şol gijäni aglap geçirdi.


Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“.


(Ol ýerde anaklar ýaly uzyn boýly, güýçli we köp sanly eýmimler ýaşaýardy.


(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».


Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz.


Şol wagt Ýeşuwa gidip, daglyklarda ýaşaýan anaklary gyrdy. Ýeşuwa Hebronda, Debirde, Anapda, tutuş Ýahuda we Ysraýyl daglyklarynda ýaşaýan anaklary galalary bilen birlikde bütinleý ýok etdi.


Şoňa görä-de, Rebbiň şol günki aýdan bu daglyklaryny maňa ber. Ol ýerde anaklaryň ýaşaýandygyny, galalarynyň uludygyny we olaryň berk saklanýandygyny şol gün özüň hem eşidipdiň. Rebbiň aýdyşy ýaly, men olary kowup çykararyn, Reb meniň bilen bile bolar».


Kalep ol ýerden anaklaryň üç urugyny: Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy çykaryp kowdy. Bular Anagyň nesilleridir.


Jaludy görenlerinde, ähli ysraýyllar gorkularyna gaçdylar.


Dawuda gözi düşende, piliştli oňa äsgermezlik bilen seretdi, çünki Dawut ýaşdy, gyzylmeňizdi hem görmegeýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan