Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 13:3 - Mukaddes Kitap

3 «Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 «Мениң ысрайыллара берйән Кенган юрдумы сынламак үчин, тирелериң херсинден бир сердары ичалы эдип, ол ере ибер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 13:3
11 Iomraidhean Croise  

Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.


Reb Musa şeýle diýdi:


Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.


Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy.


Ýurdy gözden geçirsinler diýip, Kadeşbarneýadan ugradan atalaryňyz hem şeýle edipdiler.


«Ýeri size mülk edip paýlap berjek adamlar, ine şulardyr: ruhany Elgazar we Nunuň ogly Ýeşuwa.


«Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik.


Bu pikir meniň göwnüme makul boldy. Men her tireden bir adam alyp, jemi on iki adam saýladym.


Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz.


Şamuwel aradan çykdy; bütin Ysraýyl ýygnanyp, onuň ýasyny tutdy. Ony Ramadaky öz mülkünde jaýladylar. Şondan soň Dawut Paran çölüne gitdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan