Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 13:29 - Mukaddes Kitap

29 Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Эмма ол ерде яшаян халк бичак гүйчли экен. Оларың галалары берк диварлы ве өрән улы. Хатда ол ерде биз Анагың несиллерини-де гөрдүк.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 13:29
27 Iomraidhean Croise  

Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpat (ýagny Kadeş) galasyna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler.


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


Olar Agy-perýat jülgesinden geçende, ol ýer çeşmeler mekanyna öwrülýär, güýzki ýagyş ol ýere bereket berýär.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi.


Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».


Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň».


Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz».


Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler.


Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».


Hudaýyňyz Rebbiň size buýruşy ýaly hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz.


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Soňra amorlaryň bäş sany hany: Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany, Ýarmudyň hany, Lakyşyň hany we Eglonyň hany özleriniň ähli goşun toparlary bilen bilelikde bir ýere ýygnanyşdylar. Olar Gibgonyň daşyny gabap, olaryň üstüne çozdular.


Gibgonlylar Gilgaldaky düşelgesinde bolan Ýeşuwa: «Öz gullaryňdan el çekme, tizräk gel-de, bizi halas et. Bize kömek et, sebäbi daglykda ýaşaýan ähli amor hanlary biziň garşymyza güýç birikdiripdirler» diýip habar iberdiler.


Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


Ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda mesgen tutdular.


Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar.


Mertlerçe söweşip, amalekleri gyrdy, ysraýyly talaňçylaryň howpundan dyndardy.


Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.


Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.


Piliştliler ysraýyllardan basyp alan galalaryny – Ekrondan Gata çenli aralykdaky galalaryň ählisini yzyna gaýtaryp berdiler. Ysraýyllar öz topragyny piliştlilerden azat etdiler. Ysraýyl bilen amorlaryň arasynda asuda durmuş berkarar boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan