Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 13:26 - Mukaddes Kitap

26 Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Олар юрды кырк гүнләп сынлансоңлар, ызларына гайтдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 13:26
14 Iomraidhean Croise  

Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpat (ýagny Kadeş) galasyna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler.


Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen meni dag dek kuwwatly etdiň; gizlediň Sen menden ýüzüňi, şonda gorky gaplady meni.


Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol deresi diýen at galdy.


«Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber».


Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy.


Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.


Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.


Ýurdy gözden geçirsinler diýip, Kadeşbarneýadan ugradan atalaryňyz hem şeýle edipdiler.


Eşkol deresine çenli gidip, ýurdy synlanlaryndan soň, olar gelip, Rebbiň özlerine beren ýurduna girmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüreklerine gorky salypdylar.


Esýongeberden çykyp gelip, Sin çölünde (ýagny Kadeşde),


«Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik.


Horep dagyndan Kadeşbarneýa çenli aralyk Segir daglygynyň üsti bilen gideniňde, on bir günlük ýoldy.


Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.


Rebbiň guly Musa ýeri gizlinlikde gözden geçirmek üçin Kadeşbarneýadan meni iberende, men kyrk ýaşymdadym. Şonda men oňa ýüregimdäki jogaby getiripdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan