Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 13:20 - Mukaddes Kitap

20 Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Оларың яшаян ери говумы я-да эрбет? Олар галаларда яшаярмы я-да ачык мейданда?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 13:20
19 Iomraidhean Croise  

Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Reb sen barada aýdyşy ýaly, Hudaýyň Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun.


Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.


Olar öz patyşalyklarynda, Seniň beren bolçulygyňda, Seniň beren giň we mes toprakly mekanyňda Saňa gulluk etmediler, öz pis işlerinden el çekmediler.


Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn; Ysraýylyň belent daglary olaryň örüsi bolar; ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar.


Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk?


Olar ýola düşüp, daglyga tarap gitdiler. Eşkol deresine ýetenlerinde, olar ony gowy gözden geçirdiler.


Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“ diýen habary getirdiler.


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Şonda Ýeriho hany Rahaba şeýle buýruk iberdi: «Öýüňe gelen adamlary biziň elimize ber! Sebäbi olar biziň tutuş ýurdumyzy gözden geçirmek üçin gelipdirler».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan