Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar.
Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.
Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz.