Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 13:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Юрды гөзден гечирмек үчин, Мусаның иберен адамлары шулардыр. Муса Нунуң оглы Хошея Ешува адыны берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 13:17
16 Iomraidhean Croise  

Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.


Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady.


Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».


Ybram Negep çölünden gaýtdy we bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, Beýtele ýetdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki ýasan gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbe ybadat etdi.


Siddim deresi içi şepbikli çukurlardan doludy. Sodom bilen Gomora şalary gaçyp barýarkalar, olaryň adamlaryndan käbirleri şol çukurlara ýykyldylar, beýlekileri bolsa daglara gaçdylar.


Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Halk daňdan ir bilen turup, daglyga çykmaga başlap: «Ine, biz Rebbiň söz beren ýerine barýarys, çünki biz günä gazandyk» diýdiler.


Ol daglykda ýaşaýan amorlar garşyňyza çykyp, Segirden Horma çenli sizi arylar deý kowalap ýençdiler.


Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.


Soňra ol günorta Içýan geçidine tarap dowam edip, Sin çölünden geçýär. Kadeşbarneýanyň günortasyndan Hesrona we Addara çykyp, ol ýerden Karka tarap öwrülýär.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Aksa kakasyna: «Maňa peşgeş bersene. Sen maňa Negep çölüniň gurak ýerlerini berdiň, maňa suw bulaklaryny-da beräý!» diýdi. Şunlukda, Kalep ýokarky we aşaky çeşmeleri hem oňa bagyş etdi.


Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demir söweş arabalary bardy.


Ondan soň olar daglykda, Negepde we günbatar baýyrlykda ýaşaýan kenganlaryň garşysyna söweşe girdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan