Emma siziň hemmäňiz şonda meniň ýanyma gelip: „Geliň, ýurdy gözden geçirmek üçin öz aramyzdan adamlary ýollalyň. Olar biziň gitjek ýolumyz hakda, barjak galalarymyz barada habar getirerler“ diýdiňiz.
Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz.
Rebbiň guly Musa ýeri gizlinlikde gözden geçirmek üçin Kadeşbarneýadan meni iberende, men kyrk ýaşymdadym. Şonda men oňa ýüregimdäki jogaby getiripdim.
Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.