9 Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi.
9 Олара гаршы Реббиң гахары гелди ве Реб ол ерден гитди.
Hudaý Ybraýym bilen eden gürrüňini tamamlap ýokary göterildi.
Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.
Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».
Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.
Musa halkyň, her maşgalanyň öz çadyrynyň agzynda aglaýandyklaryny eşitdi. Rebbiň muňa juda gaharynyň gelendigi üçin, Musanyň jany ýanýardy.